17/01/2021 4:32
Home UMUMY Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen maglumat ulgamyndaky özaragatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň ähmiýetini yzygiderli nygtaýandygy bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy «MIR» DTRK-ni ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda möhüm wezipäni durmuşa geçirýän köp millionly auditoriýasy bolan teleradioýaýlyma göýberiş guramalarynyň biri hökmünde kabul edýändir.

Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hereketleriň depginini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we  «Mir» DTRK-niň arasynda maglumat syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Okap bilersiňiz  Iň gowy oýun gurnaýjy – Lionel Messi

Bu resminamalara gol çekilmegi ýaýlyma göýberlişi dünýäniň onlarça ýurduny gurşap alýan «Mir» DTRK-niň serişdelerinde täzelikleriň hem-de maglumat analitiki materiallaryň ýerleşdirilmegi arkaly türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýandyr.

Okap bilersiňiz  Güýzlük bugdaý ekişi badalga aldy

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Wagner Law gazak toparynda
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

80 ýylda ilkinji gezek

Şu gyşyň aýazam, gardyr ýagyşam özüne ýetik boldy. Dünýä metbugatynda döwletleriň aglabasynda gyşyň ygally we sowuk gelendigi barada ýazylýar. Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde bolsa...

Bill Geýtsiň täze maksatnamasy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Bill Geýts täze maksatnamasynyň üstünde işleýär. Onuň esaslandyran maýa goýum kompaniýalarynyň biri awiasiýa kompaniýasyny...

BSGG: 92 ýurtda sanjyma başlanar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) orta we pes girdejili 92 ýurtda fewral aýynda sanjym edilip başlanmagynyň mümkindigini belledi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. BSGG-niň...

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse...