27/10/2020 13:43
Home UMUMY Türkmenistan bilen Hindistan senagat pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Hindistan senagat pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TOPH TASLAMASY ULY ÄHMIÝETE EÝE

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagta çenli bu ugurda uly işler amala aşyryldy, möhüm resminamalara gol çekildi, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder.

SENAGAT ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende, hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

KORONAWIRUS PANDEMIÝASY MASLAHATLAŞYLDY

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind soňky onýyllyklarda dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Iň gadymy söýgi poemasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý milli mirasyna hususan-da ruhy gymmatlyklaryna uly üns berýär. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilip biziň  günlerimize  gelip ýeten  iň gadymy,...

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com     saýtynyň geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy ýaly “Söýgi – durmuşyň özeni”! Habaryň Instagram Wideosy üçin şu...

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, noýabr aýynda türki dilli ýurtlaryň kompozitorlarynyň we sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredilik duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan...

Türkmen izogamy dünýä bazaryna çykýar

Häzirki wagtda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna...