27/10/2020 13:30
Home UMUMY Türkmenistan bilen Fransiýa kosmos hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan bilen Fransiýa kosmos hyzmatdaşlygyny ösdürer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz we Fransiýanyň doly ygtyýarly wekili döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň gyzyklanma bildirýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.

Ylymda, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň islendik ýurdunyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde we wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň arheologiýa we älem giňişligi ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy bilen alamatlandyryljakdygyna ynam bildirildi. Fransiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu barada Kararnamanyň kabul edilen pursadyndan başlap, yzygiderli goldaýar.

2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilimegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şu ýylyň iýun aýynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň netijeli häsiýetini belläp, has uly isleg hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän şeýle ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ynam bildirdiler.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?

FIFA futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi. Täze sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky orny üýtgemedi. FIFA-nyň hünärmenleri türkemn futbolçylaryna 1107 utuk berdiler. Bu netije bilen...

  Kakam hakda ýatlama….

Döredijilik  adamlarynyň  arasynda  ene  barada  eser  döretmedigi,  goşgy   ýazmadygy  ýok  bolsa  gerek?. Emma ene söýgüsi bilen deñ derejede duran ata söýgüsi barada ýazýan azmyka...

Teýlor Swiftiň 40,000 dollarlyk meşhur gitarasy satuwda

“Covid-19” epidemiýasyndan ejir çekenleriň peýdasyna açylan gaznada beriljek satuwda Teýlor Swiftiň ýygyndysyndan ýörite 2018 gibson gitarasy satuwa çykarylar. Ol gitara 25 müňden 40 müň...

Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýty açylar

Türkmenistan halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürer. Habar beriş serişdeleri ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda anyk teklipler taýýarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň...