17/01/2021 4:56
Home UMUMY Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de senagat hem-de maliýe-bank ulgamlaryndaky özara hereketlere seredilip geçildi. Geologiýa ulgamyndaky bilelikdäki işler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Taraplar täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ugurdaş edaralaryň arasynda tejribeleriň alyşylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryna seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň wekilleriň özleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegine ynam bildirildi.

Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Okap bilersiňiz  Aşkabat'ta"Bisiklet"anıtı inşa edilecek
Okap bilersiňiz  «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynda millionlarça gektar öri meýdanlaryny döreder

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Aşkabat'ta"Bisiklet"anıtı inşa edilecek
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Lebapdaky söwda toplumlarynda uly özgertmeler geçiriler

Şu ýyl Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümetiň...

Arassa energiýa markasyna öwrüler

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy 5 ýyllyk strategiki meýilnamasyny “Fransiýanyň täze tolkuny” ady bilen yglan etdi. 2025-nji ýyla çenli 14 esasy modeliň satuwa çykaryljakdygy, olaryň 7-siniň...

GDA agza ýurtlar: diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawy her ýyl taýýarlanýar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet...

Zenan

“Zenan” – bu sözde örän giň many bar. Şeýle seredäýmäge bu sözüň eýesi fiziki taýdan ejiz, elmydama goldawa mätäç  ýaly görünýär. Aslynda bolsa ol...