30/11/2020 7:24
Home UMUMY Milli Liderimiz ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Milli Liderimiz ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.

Kottej toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkedebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berdi. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmetini, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepaly ruhda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolandygyny hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş toplumynyň ilatynyň we içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüz tutmalaryny hem-de Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu topluma içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylandygy habar berildi.

Okap bilersiňiz  Bahreyn Kralı Türkmenistan ziyaretini tamamladı

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp bermegini we toplumyň işine ak pata bermegi harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümleriniň adyndan çuňňur hormat bilen haýyş etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp, ulanmaga berýäris. Ähli amatlyklary bolan bu toplumyň gurulmagy döwletimiziň watan goragçylarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berýändigini görkezýär. Biz Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, şeýle işleri geljekde hem dowam ederis, diýip belledi.

Okap bilersiňiz  Bu oýunçy rekordlary täzeleýär

DÖWREBAP KOTTEŽLER TOPLUMY AÇYLDY

Soňra günüň wakalary Içeri işler ministrliginiň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap kottežler toplumynyň bina edilen Çoganly ýaşaýyş toplumynda dowam etdi. Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz jaýlara barýan ýoluň ugrundaky toý derwezesiniň golaýyndaky toý bagyny kesdi.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirdi

Soňra döwlet Baştutanymyz ýşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň içine girdi. Onuň wezipesi täze ýaşaýyş toplumyny dolandyrmakdan ybaratdyr. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan özboluşly muzeý döredildi. Şol ýerde arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglary hem-de harby atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary we suratlar jemlenipdir.

1954-nji ýylda Mälikguly Berdimuhamedowa içerki goşunlaryň kiçi leýtenanty, 1960-njy ýylda leýtenant, 1963-nji ýylda içerki goşunlaryň uly leýtenanty, 1966-njy ýylda içerki goşunlaryň kapitany, 1970-nji ýylda –maýor, 1974-nji ýylda içerki goşunlaryň podpolkownigi ady dakyldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanyldy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam etdirdi.

Hormatly Prezidentimiz binadan çykyp, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň howlusynda ýaş agaç nahalyny oturtdy. Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda bolsa ýurdumyzyň Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanda saýaly, püli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 25 million düýbi oturdylar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti BSSG Baş direktory bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

Soňra döwlet Baştutanymyz kottejler toplumyny synlady. Bu toplum 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça jaýlaryň gurluşygyny onuň garamagyndaky gurluşyk kompaniýasy amala aşyrýar. Iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda öndürilýän gök- bakja, miwe we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.

Okap bilersiňiz  Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Üstünlik – bu özüňe ynanmakdyr!
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň...

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

Dünýäniň telefon bazarynda Hytaýyň, Günorta Koreýanyň hem-de ABŞ-nyň kompaniýalary özara bäsleşýärler. Esasan hem, Günorta Koreýanyň “Samsung”, ABŞ-nyň “Apple” hem-de Hytaýyň “Huawei” kompaniýalarynyň arasynda bazarda...

“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Biz geçen bölümimizde Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndaky “Mugallymyň beren sözi” düşünjesi hakynda garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan edipdik....

“Alibaba”-ny esaslandyryjy Jek Manyň üstünlik ýoly…

Jek Ma ( Ma Young) – 1964-nji ýylyň 10-njy sentýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Hangzhou şäherinde dünýä indi. Hytaýyň biznes magnaty ,maýa goýujy...