25/01/2021 23:11
Home UMUMY Milli Liderimiz Hytaýyň ilçisini kabul etdi

Milli Liderimiz Hytaýyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derjedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.

Okap bilersiňiz  Sonaň akja köýnegi

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi – Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjy” akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Okap bilersiňiz  Prezident Donald Trampdan hat gelip gowuşdy

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Okap bilersiňiz  Olar nädip üstünlige ýetdiler? (Ýa-da Üstünlige Çenli Geçilen Basgançaklar...)

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Maksat: 620 müň gektardan 1 million 250 müň tonna «ak altyn»

Türkmenistanda şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany...

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Türkmenistanyň oba hojalygy ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Oba zähmetkeşleri içerki bazary halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge...

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçirildi. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşdy.
Okap bilersiňiz  52 ülkesinden 145 medya mensubu Antalya’da bir araya geldi
Ýylyň esasy tutluşyklaryndan biri hökmünde...

Iň gowy milli çempionat

2020-nji ýylyň jemi boýunça Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS), milli futbol çempionatlaryň sanawyny çykardy. Guramanyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, milli futbol...