27/11/2020 21:54
Home UMUMY Matwiýenko Türkmenistanyň iki palataly ulgamyna ýokary baha berdi

Matwiýenko Türkmenistanyň iki palataly ulgamyna ýokary baha berdi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny we ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän baýram—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, bu senäniň dünýä möçberindäki ähmiýetini hem-de häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgeleriniň artýan ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hormat goýýandygyny hem-de täze üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy dostlukly döwletleriň Liderleriniň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

W.Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde, hyzmatdaşlygyň has ysnyşykly we işjeň häsiýete eýe bolandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen Liderine aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmagyna çakylyk hem beýan edildi. Bu forum 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ählumumy korporasiýalaryň, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşar.

Okap bilersiňiz  Awgust aýynda dünýä bazaryna çykar

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegini hem-de ýurtda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ädim hökmünde möhüm ähmiýetli konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagyny mübärekledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň işini guramakda üstünlikler arzuw etdi.

Okap bilersiňiz  Bular aňsat ahyry ýa-da üstünlige ýetmegiň aňsat ýollary

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň Arkalaşygyň giňişliginde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ornuny hem-de hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi hem-de netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, parlament dostluk toparlarynyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirmek teklip edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda pandemiýa meselesine hem deglip geçildi. Taraplar howply ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, şol sanda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa arkaly berkitmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Okap bilersiňiz  “Harley Davidson” iň uly bazaryndan çekilýär

IŇ TÄZE HABARLAR

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýewropa futbolyna syn… Mourinýo Gwardiolany ýeňdi

Geçen hepde geçirilen öňdebaryjy futbol çempionatlaryň futbol duşuşyklary we olaryň netijeleri bilen ýurdumyzyň futbol janköýerlerini tanyşdyrmagy makul bildik.
Okap bilersiňiz  Magtymguly - beýik söz ussady
Angliýanyň Premýer ligasynda gyzykly duşuşyklaryň netijeleri: “Tottenhem 2:0...

.“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Bilnişi ýaly, türkmenlerde XVII-XVIII asyrlarda “ussat” düşünjesiniň ulanylandygyny ataly ogluň ikisiniň-de eserlerinde görmek mümkindir. Biz makalamyzyň başlarynda...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

ABŞ-nyň täze hökümeti belli bolup başlady

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jo Baýden täze hökümetiň düzümini belli etmäge başlady. ABŞ-nyň metbugatynyň berýän habarlaryna görä, ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Jo Baýdeniň hökümetiniň düzüminde orun...