30/11/2020 7:08
Home UMUMY Maglumat howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Maglumat howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň Baş sekretary S.Zas, şol sanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde gatnaşmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny bellemek zerurdyr.

Bu mejlisiň barşynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri dogrusynda işjeň pikir alyşmalar geçirildi. Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde biologiki wehimlere garşy göreşmegiň, şeýle hem häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredildi.

Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň kiber giňişligindäki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek meseleleri pikir alyşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada hem pikir alyşdylar.

Okap bilersiňiz  Dünýämiziň almaz känleri

Sebitleýin durnuklylygy ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde babatynda tagallalaryň geljekde hem utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

Okap bilersiňiz  "Turkmenistan-EU" Dialogue on Human Rights

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Bir Guinness Rekoru daha bekleniyor
1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

 Täze binalaryň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gö­rog­ly kö­çe­si­niň ug­run­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça BÄS­LE­ŞIK   yg­lan ed­ýär Gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ha­ýyş­na­ma­la­ry...

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

  2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, konsert geçiriler. Bu konsert...

“Tesla” ösüşde, Mask ikinjilikde

Soňky günlerde “Tesla” kompaniýasynyň paýnamasy barha artýar. Hatda bir günüň dowamynda olaryň paýnamasy 7% göterime çenli ýokarlandy. Geçen hepde bilen deňeşdirilene bolsa 20% göterim...

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

Dünýäniň telefon bazarynda Hytaýyň, Günorta Koreýanyň hem-de ABŞ-nyň kompaniýalary özara bäsleşýärler. Esasan hem, Günorta Koreýanyň “Samsung”, ABŞ-nyň “Apple” hem-de Hytaýyň “Huawei” kompaniýalarynyň arasynda bazarda...