8.9 C
Istanbul
29/05/2020 3:34
Home IŇ TÄZE HABAR MA5+Russiýa formatynda hyzmatdaşlyk duşuşygy

MA5+Russiýa formatynda hyzmatdaşlyk duşuşygy

2020-nji ýylyň 21-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibine degişlilikde hem pikirleri alyşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar CОVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň, umuman dünýä bileleşiginiň tagallarynyň hem-de özaragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň we utgaşdyrylmagynyň ýokary ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu ugurda türkmen tarapy bu wehime netijeli garşy durmak üçin utgaşdyrylan hereketleriň işlenilip düzülmegi boýunça pikirleriň alyşylmagynyň zerurlygyny aýratyn belläp geçdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we degişli halkara edaralarynyň, şonuň ýaly-da özüniň oňyn tejribesiniň esasynda Türkmenistan tarapyndan COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda kabul edilendigini hem nygtady.

Diplomatlar şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň pandemiýa döwründe, şol sanda durmuş-ykdysady täsirleriň netijeleriniň ýeňip geçilmegi we adatdan daşary ýagdaýlarda raýatlaryň bolmagynyň şertleriniň ýeňilleşdirilmegi babatyndaky özara goldawlarynyň we hemaýatlarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar.

Diplomatlar şonuň ýaly-da söwda-ykdysady, ulag-logistika we sebitleýin özarahereketleriň derwaýys ugurlarynyň işjeňleşdirilmegini hem belläp geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de goňşy Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy we sebitleýin durnuklylyga, howpsuzlyga we ösüşe degişlilikde gatnaşyjylaryň ählisi üçin kabul ederlikli bolan çemeleşmeleriň üpjün edilmegi dogrusynda hem pikirler alyşyldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça çagalary okuwa kabul edýär: Ýörite fortepiano. Bu...

Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşar

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Şu...

Koronowirus: Synagyň ikinji ädimi

Oksford uniwersitetiniň alymlary tarapyndan tapylan koronowirusa garşy melhemi synagdan geçirmek boýunça ikinji ädime geçildi. Aýdylyşy ýaly, bu ädimde derman 10 260 adamda synag ediler. Bütin dünýäniň...

Diplom ykrar etmek :Döwlet Synaglarynyň Guralyşy

Daşary ýurtlarda alynan diplomlary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar. Döwlet synaglary ...