8.9 C
Istanbul
16/07/2020 5:37
Home IŇ TÄZE HABAR Kanadanyň ilçisi bilen onlaýn duşuşyk

Kanadanyň ilçisi bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Aşraf Hohar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümligi bellenildi. Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, hususanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýan, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri bilen bagly garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler.

Şeýle hem taraplar dünýädäki koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda dörän ýagdaýy, şol sanda ony ýeňip geçmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy barada öňe süren başlangyçlary barada aýdyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Diplomatlar söwda we ykdysadyýet, bilim, şeýle hem öňüni alyş hem-de suw diplomatiýasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler. Bellemeli zatlaryň biri ol hem, ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda bilelikdäki medeni çäreleriň meýilleşdirilmegi we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýanlygydyr.

Gepleşikleriň ahyrynda Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşraf Hohar türkmen-kanada gatnaşyklarynyň durnukly ösmeginde öz goşandyny goşjakdygyny nygtady.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan habar berilmegine görä,  her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş...

6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

2020-nji ýylyň 6 aýynda Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 68 milliard dollar girdeji gazandy. Kompaniýanyň girdejisi 13,1 göterim artdy. “Huawei”-iň arassa girdejisi 9,2 göterime deň boldy. “Huawei”-iň...

“Wimbledonda” tennisçileriň pul baýragy berler

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylan “Wimbledon 2020”-ä gatnaşmaly tennisçiler baýrak pullaryny alarlar. Habarda bellenip geçilişi ýaly, serişdeler 620 oýunçysyna berler, reýtingi saýlama ýa-da ýaryşyň esasy...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...