8.9 C
Istanbul
29/05/2020 2:41
Home IŇ TÄZE HABAR Goşulyşmazlyk Hereketiniň saglyk ministrleriniň duşuşygy

Goşulyşmazlyk Hereketiniň saglyk ministrleriniň duşuşygy

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi.

Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzirki zaman sebit we global meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy öz çykyşynda, Goşulyşmazlyk hereketiniň aragatnaşyk toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň hökümetiniň ýurda howply koronawirusyň girmeginiň öňüni almak üçin amala aşyrylýan çäreleri, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin sebit ýurtlary bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji maýynda Goşulmazlyk hereketiniň sammitinde “pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär” diýip, eden çykyşy barada bellenildi.

MERKEZI AZIÝA SAGLYK MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we RF-nyň BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen täze görnüşli koronawirus pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary bilen bagly özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pandemiýa döwründe bilelikdäki utgaşykly işleriň wajyplygyny bellemek bilen, aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Belgiýanyň şa gyzy harby talyp boldy  

Belgiýanyň Karoly Filippiň mirasdüşer gyzy Ýelizaweta ýurduň iň gowy ýokary okuw mekdebi hökmünde Karollyk Harby akademiýasynda okap başlady. «People» neşiriniň ýazmagyna görä, girmesi hem-de okamasy...

Bulaşıcı Hastalıklarla Mücadele Programı kabul edildi

Bugün Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı merkezi binasında gerçekleşen toplantıda Türkmenistan Bakanlar Kurulu başkan yardımcısı, Dışişleri bakanı Raşit Meredov bazı önemli açıklamalar yaptı. Bakan Meredov’un  belirtildiği...

Kartondan futbol janköýerleri

Germaniýanyñ "Borussiýa Mýunhengladbah" topary 27-nji tapgyrda geçiriljek "Baýer Lewerkuzen" oýunda özüniñ stadionynda 12 müñ karton tomaşaçylaryñ ýerleşdiriljekdigini habar berdiler. “Express.de” internet neşiriniň habar bermegine...

Türkiýe we Türkmenistan: Meredowyň Çawuşogly bilen duşuşygy

Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa...