28/01/2021 9:19
Home UMUMY BMG-niň sebit merkezinde metbugat ýygnagy

BMG-niň sebit merkezinde metbugat ýygnagy

Paýtagtymyz Aşgabatda ştab-kwartirasy ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýygnaga Merkezi Aziýadan we Owganystan Yslam Respublikasyndan 23 habarçy onlaýn tertipde gatnaşdy.

Metbugat ýygnagynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Natalýa German çykyş etdi. Ol öz çykyşynda 2020-nji ýylyň jemleri jemledi. Hususan-da, Türkmenistanda 2020-nji ýylyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygynyň astyndan geçendigini belledi. Bu şanly baýramçylygyň BMG-niň döredileniniň 75 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň hem uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp geçen Natalýa German geçen ýylyň ýeňil ýyl bolmandygyny, dünýäniň köp ýurdunda koronawirus ýokanjyna garşy aýgytly göreşiň alnyp barlandygyny belledi.

Natalýa German 2020-nji ýylyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üçin hem netijeli ýyllaryň biri bolandygyny aýtdy. Hususan-da, Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň arasynda ulag-aragatnaşyk babatda strategik taýdan ähmiýetli ýükleriň geçirilmegine mümkinçilik döredilendigini, elektrik energiýasy, tebigy gaz eksport ugurlarynyň hem dowam etdirilendigini belledi.

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (4-10-ýanwar)

Merkez tarapyndan Merkezi Aziýa we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylygynda onlaýn duşuşyklaryň geçirilip, olarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegi babatda oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi.

Şeýle hem geçen ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň arasynda özboluşly dialogyň ýola goýlandygyny bellän Natalýa German, ýylyň esasy wakasynyň 12-nji dekabrda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahatynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Bu maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradylmagynyň we şol resminamada BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ornunyň bellenip geçilmeginiň uly waka bolandygy aýdyldy.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan ve Bahreyn iş ortaklığını yoğunlaştırıyor

Bulardan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmeginiň esasynda BMG tarapyndan onuň ähli düzümlerine we edaralaryna bu ýylyň ähmiýeti babatda dürli çäreleri guramak babatda düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellän Natalýa German BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu metbugat ýygnagynyň hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji çäreleriniň biri bolup durýandygyny uly buýsanç bilen belledi.

Okap bilersiňiz  Nevruz Bayramı bu sene 3 gün kutlanacak

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Okap bilersiňiz  Türkmenistan Uydusu Afganistan Televizyon Kanallarına Hizmet Verecek

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowe hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde gämi gurar

Geçen ýylyň dekabr aýynda bilelikdäki Ähtnama gol çekişen «Balkan» gämi gurluşyk kärhanasy bilen Russiýanyň «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özara hyzmatdaşlygyň...

Noýeriň rekordy

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň dünýä belli derwezebany Manuel Noýer, golsyz geçiren oýunlarynyň sany bilen meşhur derwezeçi Oliwer Kany geçip, “Bundesliga” çempionatynyň rekordyny täzelemegi başardy. ...

Söwda dükanlary hususylaşdyrylýar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işlerine giňden badalga berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hasabat berildi. Hasabatdan görnüşi ýaly,...