28/11/2020 19:11
Home UMUMY 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi

2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatda “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda – ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň maslahatynyň öň ýanynda, ýagny 23-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi.

Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly depgin bilen ösmeginiň hasabyna üpjün edilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirmegi tabşyrdy.

Okap bilersiňiz  Görevden Almalar ve Görevlendirmeler

Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.

Maslahatyň barşynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikler, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini düzmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň barşynda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine seredildi.

Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýyl telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

Okap bilersiňiz  Grenlandiýada ýene bir krater tapyldy

“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyny kabul etmek barada biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama sowatly hasaplama esaslanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler kuwwaty bilen berkidildi hem-de halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, onuň abadançylygyny berkider.

Şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

Okap bilersiňiz  Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna dabaralar

HOWPSUZLYK BABATDA HYZMATDAŞLYK YLALAŞYGY TASSYKLANDY

Soňra parlamentiň agzalary “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda”, “Konsullyk gullugy hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Maslahatda “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Mejlisiň Kararlarynyň taslamalaryna-da seredildi.

Bulardan başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Okap bilersiňiz  Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna dabaralar

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Görevden Almalar ve Görevlendirmeler
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bütindünýä çaga güni : Sanly maslahat

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Ýaponiýanyň ilçisi resmi taýdan işe girişdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny...

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylar dynç alyş günleri üçin girizilen köçä çykmak gadagançylygyndan azat edildi. Olar ýerli raýatlaryň öýde oturmaly wagtynda kireýine alan ulaglary bilen...