TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Umidigi” kompaniýasynyň üýtgeşik telefony

“Umidigi” kompaniýasy adam bedeniniň temperaturasyny ölçeýän “Umidigi A7S” atly dünýäde ilkinji telefonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Ýörite datçik, telefonyň arka tarapyndaky kamera böleginde ýerleşýär. Termometr çalt ulanmaga taýyn we telefonyň çep tarapyndaky aýratyn düwme arkaly işjeňleşdiriler. Telefon 6,53 diagonally ekran we “In-Cell” tehnologiýasy bilen ornaşdyrylan. Onuň esasy kamerasy 13, 8 we 2 Mp we öňündäki kamerasy 8 Mp bilen üpjün edilen. Akylly telefonyň operatiw ýady 2Gb, içki ýady 32 Gb barabardyr. Telefonda iki SIM-karta ulanmagy üçin şert döredilen. “Umidigi A7S” akylly telefony Android 10 Go programmasy üsti bilen işlär. Bu telefon eýýäm 21-nji sentýabrda satuwa çykarylar.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle