TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Uly çille

Bu ýyl gyş pasly senenama hasabynda gelene meňzedi. Gyşyň öňi hasaplanýan garagyş döwründe sowuk günleriň indi uzakda däldigini birnäçe tebigy hadysalar duýdurdy. Şol duýduryşlardan görnüşi ýaly, garagyşyň başy maýyl gelse-de, onuň soňy aýazly, garly howa ýazdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Demirgazykdan aralaşan çygly sowuk akym, ilki bilen, Daşoguz welaýatyny, soňlugy bilen beýleki welaýatlary-da gurşap aldy. Netijede, garagyş öz borjuny kemsiz ýerine ýetirip, ornuny uly çillä berýär. «Çille» «kyrk» diýen manyny berýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu möwsüm gyşyň gazaply 40 gününi öz içine alýar. Onuň yz ýanyndan gelýän, 17-nji ýanwardan başlanýan kiçi çille bolsa, eger-de uly çille gazabyna tutan bolsa, «Uly doganym zäherini döküpdir, şol besdir» diýip maýyllyk bilen geçýär. Emma ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýmek bilen, gyş tä öz ornuny nowruza berýänçä, ätiýajy elden bermändirler.

«Ýylyň ýyldan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi hem çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Köpigören gojalarymyzyň aýtmaklaryna görä, gyş üç hili bolarmyş. Bir gyş bardyr, ir geler, giç çykar. Ol güýzüň soňuny, ýazyň öňüni awlar-da, uzak dowam eder. Ikinji bir gyş bardyr, ol wagtynda geler, wagtynda hem çykar. Ol çarwa üçin-de, daýhan üçin-de amatlydyr. Ýene bir gyş bolýar, ol giç düşer, ir çykar. Öňüni güýze, soňuny ýaza berýän bu hili gyşlara goşa ýaz hem diýýärler. «Ýalaňaja ýaz ýagşy» diýen ata-babalarymyz: «Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz» diýen pähimi-de miras galdyrypdyrlar. Şundan görnüşi ýaly, gyşda gar-ýagşyň, doňakçylygyň topraga edýän peýdasy az däl. «Çille gary — ýeriň gany» diýlişi ýaly, ol güýzlüklere göýä dökün beren ýaly täsir edýär.

Gyşyň örküji hasaplanýan uly çille döwri bu ýyl gar köpräk bolar. Sebäbi dowam edýän ýylymyz bars ýyly, ol bolsa gary gowy görýän jandar. Halkymyz: «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýýär. Bu ýyl gyş paslynyň ak gar bilen başlanmagy rysgal-bereketden nyşan. Goý, gyşymyz ygally, ýylymyz rysgally gelsin!

Ýene-de okaň

Uzynlygy 70 metre barabar bolan tako tagamynyň rekordy

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara festiwala çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäniň iň uly pizzasy

Teswirle