TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Ulusoýuň täze taslamasy

Türkiýäniň ýaş hem-de tanymal sungat işgärlerinden Çagataý Ulusoý täze filmde surata düşmegi meýilleşdirýär. Ol täze filminde zir-zibil çöpleýän kakanyň keşbini ýerine ýetirer. “Hakan Guard” taslamasyndan soň, belli bir wagtlyk kino äleminden daşlaşan Çagatay Ulusoý täze filmde surata düşer. Onuň täze filmi 2021-nji ýylda görkeziler.

Janköýerleriniň esasan-da, ýaş gyzlaryň uly söýgüsini gazanan Ulusoý, bu gezek zibil ýygnamak bilen maşgalasy üçin gazanç edýän atanyň keşbinde oýnar. Ozalky kinolarynda baý ýigidiň keşbini ýerine ýetirip gelýän aktýor üçin bu üýteşik duýgy bolsa gerek. Elbetde, bu keşp diňe bir aktýoryň özi üçin däl, eýsem, tomaşaçylary üçin hem gyzykly bolsa gerek.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle