TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulitkalar hakynda gyzykly maglumatlar

Howanyň bulutly günlerinde, ýagşyň ýagmagyndan soň ýa-da emeli usulda ýagyş ýagdyrma bilen otjumak bezeg ösümlikleri suwarylandan soň olaryň arasynda emele gelýän ulitkalar barada birnäçe gyzykly maklumatlary bilmeklik has-da täsirli bolsa gerek.

– Ulitkalar gastropod mollýusklarydyr. Olar “Mollusca” we “Gastropoda” synpynyň agzalarydyr;

– Haçan-da ultikalara howp abananda, olar özlerini goramak üçin gabyklaryna yza çekilýärler;

– Iň uly gury ulitka Afrika ulitkasydyr. Ol 500-den gowrak dürli ösümlikleri iýýär. Onuň uzynlygy 12 dýum, agramy 2 kilogram töweregidir;

– Ulitkalaryň oňurgasy ýokdur;

– Ulitkalaryň köpüsi 2 ýyldan 5 ýyla çenli ýaşaýar, ýöne ýörite niýetlenen ýerlerde saklananda 25 ýyla çenli ýaşap bilýär;

– Fransiýada ulitkalardan içdä açar taýýarlanyp, saçaga hem alnyp berilýär;

– Ulitkalar jübütleşmezden ozal biri-birleri bilen 2-12 sagat özüne çekýän tanyşlyk edýärler;

– Käbir ýerlerde adamlar ulitkanyň ýumurtgalaryny iýýärler we olara “ak işbiller” diýip at berýärler;

– Adatça, ulitkalar ýumurtgadan köpelýärler;

– Ulitkalar deridäki tegmilleri we yzlary bejermek üçin ulanylýar;

– Ulitkalaryň köpüsi germafroditlerdir, ýagny jübütleşmek arkaly köpelýär;

– Ulitkalaryň tizligi sekuntda 0,5-0,8 dýuým töweregidir. Eger durman hereket etseler, 1 kilometr ýoly geçmek üçin olara bir hepdeden gowrak wagt gerek bolar. Olar Ýer ýüzünde iň haýal hereket edýän jandarlaryň biridir;

– Ulitkalar gabygynyň girelgesini epifragma diýilýän gury mukus sekresiýasy bilen örtýärler. Şeýle hem olar mukus yzyny galdyrýarlar. Bu çyglylyk ulitkalaryň hereket etmegi üçin örän zerurdyr. Ol sürtülmäni azaldýar we çalgy ýagy hökmünde çykyş edýär;

– Ulitkalar ulalandan soň gabyklary üýtgetmeýär. Olaryň gabyklary bilelikde ösýär;

– Ýerüsti ulitkalaryň duşmanlary garynjalar, alakalar, syçanlar, pyşbagalar, we käbir guşlardyr;

– Ulitka gabyklarynyň esasy düzüm bölegi kalsiý karbonatdyr;

– Ulitkalar parazitleriň birnäçe görnüşlerini özünde saklaýar, ol bolsa ulitkalary iýýän janlarlara ýaramaz täsir edýär ýa-da öldürýär. Ulitkalary gowy edip bişirilmese ony iýýän adamlar hem agyr kesele duçar bolýarlar;

– Haýal hereket edýän bu jandaryň iýmiti, içinde birnäçe hatar kiçijik dişleri bolan radula diýilýän agyz gurluşyndan geçýär;

– Ulitkalar iýmitlerini çeýnemän, iýmitini gyrýarlar;

– Ulitkalar öýkeniň kömegi bilen dem alýarlar;

– Ulitkalaryň uzynlygy birnäçe santimetrden 12 dýuma çenli bolýar;

– Ulitkalar gijeki haýwanlardyr. Olar gün şöhlesini halamaýarlar;

– Ulitkalar görüp bilýär, ýöne eşidip bilmeýärler;

– Ulitka gabygynyň ululygy onuň ýaşyny görkezýär.

Kosmetologiýada hem adam ýüzlerini arassalamakda ýörite Afrikadan getirilýän ulitkalaryň has  ulylaryny giňden peýdalanýarlar.

 

LUKMANOW ŞÖHRAT,

TOHU-nyň talyby

 

Türkmenistan Hindistana ynsanperwer kömegini iberer

 

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle