TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ulaglarda ätiýaçlandyryş işi kämilleşdiriler

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky Mejlisiň barşynda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we bu ugry düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny täzelemek hem-d öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak babatda görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi.

Howa kodeksiniň, söwda-deňiz gatnawynyň kodeksiniň, awtomobil ulagy hakynda, demirýol ulagy hakynda we ätiýaçlaşdyryş hakyndaky kanunlaryň düzgünnamalaryna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň hem-de ulag toplumynyň işgärleriniň döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagy hakynda düzgünnamanyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlandy.

Bu resminamanyň taslamasynda talaplar we adalgalar ýerli kanunçylyga laýyk getirildi. Milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny hem-de ulag ulgamynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş hakyndan anyk ýagdaýlar we düzgünler kesgitlendi. Şonuň bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demirýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky kararyň taslamasy hödülendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş işiniň ähmiýetini belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle