JEMGYÝET

Ulag ulgamynda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy meseleleri, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşyk taslamasy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Owganystandan üstaşyr geçýän ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek we wagonlaryň ulanylyşy hem-de “Lapis Lazuli” Ylalaşygyna gatnaşyjy agza ýurtlaryň arasynda ulag geçelgesini geljekde ösdürmek barada pikir alyşdylar. Demir ýol ulaglary ulgamynyň işlgärlerine wiza resmileşdirmek meselelerine we beýleki meselelere hem seredildi.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar