TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, «Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen Demirgazyk-Günorta, Günbatar– Gündogar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylan bolup görünýändir we ol Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip biljekdir».

Hut şu maksat bilen hem halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýändir. «Demirgazyk-Günorta» ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ulanylyşa girizilmegini hem öz nobatynda munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Ýurdumyz soňky ýyllarda ulag ulgamynda iri halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabada BMG-niň howandarlygynda geçirilen ählumumy ulag forumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty muňa aýdyň mysaldyr.

Şu günler hem paýtagtymyz ýene-de biri iri forumy gurnaýjy bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahaty we sergisi geçirilýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi.

Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Bularyň bary ýurdumyzy iri ulag-logistika merkezine öwürjekdigini görkezýär. Şeýle ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Toýnazar Janyýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň

Logistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle