TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag-logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ulag ulgamynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Eziz Diýarymyz özüniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini görkezip, ählumumy integrasiýa goşulyşýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan döwletimiz bilen daşary döwletleriň hyzmatdaşlygy has-da giňeldilýär.

Ulag ulgamy — türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugry. Şunda häzirki wagtda iki ýurduň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň, ony doly kuwwatyna çykarmagyň üstünde işleýändigi üns çekilmeli ýagdaýdyr. Golaýda ýurdumyzda saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň belleýşi ýaly, munuň özi infrastruktura desgalarynyň gurluşygy, hyzmatlar we söwda-logistik merkezler, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly işewürlik üçin giň meýdançalary açar. Ýeri gelende aýtsak, häzir Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça awtomagistralyň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ugurda iki ýurduň Hazaryň çäginde ýerleşýän portlary bilen ýük dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, demir ýol lokomotiwleriniň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň üpjünçiliginiň giňeldilmegi hem täze mümkinçiliklere ýol açar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda meýiller hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa bu logistika merkezini döretmek bilen bagly işleriň hukuk esasyny kesgitledi. Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döremegi Merkezi Aziýadan Russiýa we yzyna ýük dolanyşygyny artdyrmaga möhüm itergi berer, Hazar deňzine göni çykalgasy bolmadyk beýleki ýurtlara-da Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine birleşmäge ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.

Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg döredýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.

Şanepes Meredow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle