TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag pudagynyň berk binýady

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Yn­ha, şu ýy­lyň 10-njy few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ge­çen ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di we ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň aý­dyň ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň Ka­ra­ry bi­len, «Ýur­du­my­zy 2023-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň her bi­ri hal­kyň bäh­bi­di­ne we ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da san­ly ul­ga­myň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni, önüm­çi­li­giň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu ugur­la­ryň her bi­ri ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly go­şant go­şul­ýar.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam etdirmek wajypdyr. Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak, awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Şu ýyl ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle iri göwrümli gurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak işlerinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder.

Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar.

Geçen ýyl  Ulag düzüminiň möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Ol Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol bilen çykmaga ýardam eder.

Ylýas Çarwaýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle