TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti uludyr

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokarydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG ulag diplomatiýasyny ösdürmek ugrunda birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda: «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny», «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi barada», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hakynda resminamalary görkezmek bolar.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, howa ulaglary ulgamy dowamly kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň iň häzirki zaman ugry bolup, barha kämilleşýän raýat awiasiýasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň esasy wezipeleriniň biri hem ýerli we halkara gatnawlarynyň netijesinde, ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak we dolanyşyklarynyň möçberini ýyl-ýyldan artdyrmakdyr.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna we Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň (ICAO) talaplaryna laýyklykda, bu ulgamyň ýerüsti tehnikalary we howa menzilleri yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, döwrebap täze ýük howa gämileri satyn alynýar.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy portunyň we BAE-niň portlarynyň logistik baglanyşygynyň örän uly geljegi bar.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň tutuş üstaşyr ulag düzüminiň çalt depginde hem-de toplumlaýyn ösmegi, şeýle-de onda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegini häzirki döwürde ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi.

Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmeginiň ýurt we sebit derejesinde ähmiýeti örän uludyr. Ähli amatlyklary bolan awtomenzillerde dolandyryş binalary, duralgalar, sanly ulgam arkaly hyzmat ediş bölümleri bolup, ýolagçylar üçin has oňaýly şertler döredildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýup, ählumumy ösüşiň bähbidine işewür hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mekan Akmyradow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle