TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasy: milli we halkara bähbitleriň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda ulag ulgamyna aýratyn orun degişli bolup, muny bu ugurda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzda, şeýle hem dürli derejelerdäki halkara taslamalarda görmek bolýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň çekilmegi bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny we haryt dolanyşygynyň göwrümleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Daşary ykdysady gatnaşyklar dünýäde bolup geçýän özgerişlikleri göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygy milli ykdysadyýetleriň ählumumylaşmagy we halkara häsiýete eýe bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu şertlerde halkara ykdysady gatnaşyklary netijeli alyp barmak we ösdürmek üçin halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýeti artýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda önjeýli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen dünýäniň dürli Milli ulag ulgamyny ygtybarly ösdürmek, onuň ähli ugurlaryny döwrebap kämilleşdirmek Türkmenistanyň sebitlerinde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu geçelgeleri döretmek ulag ulgamynyň sazlaşykly işlemegini gazanmaga, bitewi tehniki görkezijileri bolan we gatnatmalaryň ýeke-täk tehnologiýasyny üpjün edýän halkara ulag infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilendir.

Milli ulag ulgamyny ygtybarly ösdürmek, onuň ähli ugurlaryny döwrebap kämilleşdirmek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky içerki we daşary syýasatynyň has ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji bolup Beýik Ýüpek ýoluny täze mazmunda, täze görnüşde dikeltmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi. Ol halklaryň ykbalyna oňaýly täsir eden gadymy söwda ýollaryny täze ulag-logistiki ugurlar arkaly dikeltmekde ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň möhümdigine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi başardy. Bu ugurda ilkinji nobatda Türkmenistanyň milli ulag ulgamynyň kuwwatlygyny artdyrmak, täze ulag infrastrukturasyny döretmek  hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň esasy wezipesine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek we   ulag ýollaryny ösdürmek boýunça BMG-nyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatynda bu Halkara Guramasynyň, Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň we ýokary derejede geçirilen beýleki forumlarda birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Mundan başga-da demir ýol ulgamy hem häzirki wagtda dünýäniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýedir. Halkara hyzmatdaşlygynda bu ulgamyň hyzmatlary eksport hem-de import ugurly harytlaryň daşalmagynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerine eýedir. Ýurdumyz goňşy döwletler bilen bilelikde iri halkara we sebitara taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi. Diýarymyzyň çäginden daşarky ýurtlara uzaýan polat ýollardan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi bolan Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoluny, goňşy döwletlerimizi birikdirýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýollaryny mysal getirmek bolar.

Ýurdumyz dünýäniň ulag ulgamyna işjeň gatnaşmak bilen, «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar. Muňa mysal edip, häzirki wagtda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülip, sebitde has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Bu halkara demir ýoly diňe bir ykdysady hem-de täjirçilik bilen çäklenmän, sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy  mümkinçiligi döreder. «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan bu halkara demir ýoly üç döwletiň diňe bir halk hojalyk pudaklarynyň ösüşi üçin wajyp orny eýelemän, eýsem, dünýäniň ulag geçelgelerini birleşdirmek babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Aziýa sebitinde diňe bir söwda ykdysady hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemaýat berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Gülnar ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Oraza hasaplaýjysy: Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle