SPORT

Ukrainaly türgen 37 ýyllyk rekordy täzeledi

Ukrainaly türgen Ýaroslaw Maguçih beýiklige bökmek ýaryşynda dünýä rekordyny goýdy. Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen “Göwher ligasy” ýaryşynyň nobatdaky tapgyrynda ýeňil atletikada taryhy waka bolup geçdi.

Ukrain zenan türgen 2.10 metr belentlikden böküp, 37 ýyllyk rekordy täzeledi. Mundan ozalky rekordy, 1987-nji ýylda bolgar türgen Stefka Kostadinowa goýupdy. Ol 2.09 metr belentlikden böküpdi.

– 2.07 metr ýa-da 2.10 metr beýiklikden bökmek duýgusy döredi. Ahyrsoňy Ukrainanyň adyny dünýäniň ýeňil atletika sportunyň taryhyna ýazdyrdym – diýip, ukrain türgen belläp geçdi.

22 ýaşyndaky ýaş ukrain türgen ýeňil atletikada dünýä ýyldyzyna öwrülip barýar. 2010-njy ýyllarda onuň başarnyklayr görnüp başlapdy. Şol döwürlerde onuň esasy bäsdeşi rus zenan türgen Mariýa Lasiskena bolupdy.

Häzirki wagtda Ýaroslaw Maguçih ýeňil atletikanyň bu görnüşinde dünýäniň iň ökde türgenleriniň biri boldy.

Ýene-de okaň

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy