TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempiony bolmakçy

Geçen hepde britaniýaly boksçy Entoni Joşuany ýeňip, birnäçe ugur boýunça guşaklaryny hem-de çempionlygyny goran Ukrainanyň boksçysy Aleksandr Usik agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony bolmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda bu çempionlyk guşagy Taýson Fýuridedir.

Beýik Britaniýanyň “Daily Mail” neşiriniň habar bermegine görä, agyr agramda dünýäniň absolýut çempionlygy üçin Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuriniň arasynda boks tutluşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ony şu ýylyň ahyrynda geçirmek maksat edinilýär.

Britan neşirine görä, bu boks tutluşygy şu ýylyň 17-nji dekabrynda ýene-de Saud Arabystanyda geçiriler. Saud Arabystanyň sport ministri Abdulaziz bin Turki Al-Faýsal bu tutluşygy Er-Riýadda gurnamagy meýilleşdirýändigini belledi.

Taýson Fýuriniň bu tutluşykdan 50-60 million ýewro gazanyp biljekdigi aýdylýar.

Belli bolşy ýaly, Aleksandr Usik bilen Entoni Joşuanyň arasyndaky jogap tutluşygy Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilipdi.

Soňky ýyllarda Ukraina boksçylary bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Aleksandr Usikden ozal doganlar Witaliý we Wladimir Kliçkolar hem boks dünýäsiniň çür depesine çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle