TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ukrainadan Türkmenistana çakylyk

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň adyna ýollan salamlaryny, hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski ukrain tarapynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamlaryny, hem-de Türkmenistanyň halkyna abadanlyk we ösüş baradaky arzuwlaryny ýollady.

Ukrainanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň beren beýanatyna görä, taraplar Ukraina bilen Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek bilen gyzyklanýandygyny bellediler. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Ukraina sapara gelmek baradaky çakylygyny berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Teswirle