TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ukrainada okaýan talyplaryň ýene-de bir tapgyry Türkmenistana getirilýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn, ýagny 10-njy martda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gurnan ýörite howa gatnawy arkaly Rumyniýanyň Buharest şäherinden Ukrainadaky türkmen raýatlarynyň uly topary ýurdumyza getirildi.

Ukrainadaky raýatlarymyzyň, hususan-da bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň ýene-de bir tapgyry Türkmenistana getirmek göz öňünde tutuldy. Munuň üçin 13-nji martda Polşanyň Warşawa şäherinden Türkmenabat şäherine ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu ugurda degişli diplomatik gulluklar bilen ylalaşyldy.

Habar berlişine görä, 13-nji martda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Warşawa (Polşa) – Türkmenabat ugry boýunça ýene-de bir uçar gatnawyny gurnaýar. Bu gatnaw Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli bu ýurtda bolýan türkmen talyplaryny howpsuz ýagdaýda ýurdumyza getirmek maksady bilen geçirilýär.

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzda Rumyniýanyň Buharest şäherinden 282 raýatymyz Türkmenabat şäherine getirilmegi babatdaky habarymyz köp sanly daşary ýurt metbugatynda orun aldy. Russiýanyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň metbugaty biziň saýtymyza salgylanyp, habarymyzy giň okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Daşary ýurtda okaýan talyplaryň Türkmenistana getirilmegi Watanymyzyň ýaşlaryň geljegi barada hemmetaraplaýyn alada edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Munuň şeýledigini Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň ata Watanymyza dolanyp gelmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi hem tassyklaýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Türkmen raýatlary Ukrainadan getirilýär

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle