JEMGYÝET

Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metro gurmagy teklip edýär

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda (CIET 2024) çykyş eden Ukrainanyň “Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Wladimir Petruk Türkmenistanyň infrastruktura ösüşlerine gönükdirilen geljegi uly taslamalary hödürledi.

2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan ukrain kompaniýasy Aşgabatda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

– Biziň Aşgabat şäheriniň ýolbaşçylygy bilen hyzmatdaşlygymyz dowam edýär. Ýakyn geljekde Aşgabatda alnyp barylýan ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek taslamasynyň täze tapgyrlary Gurtly-Köşi, Goçangly-Garadamak-Şor we beýleki etraplar boýunça dowam etdiriler – diýip, Petruk belledi.

Ol Aşgabat üçin örän möhüm taslamalaryň birini, ýagny Aşgabatda metro gurluşygynyň taslamasydygyny belledi. Onuň bellmegine görä, Aşgabadyň metrosy amatly, ekologiýa taýdan arassa ylag çözgüdi we geljekde “akylly” Arkadag, Gökdepe we Änew şäherlerini paýtagt Aşgabat bilen birleşdirer.

– Bu taslamanyň pikiri we tehnologiki bölegi üçin Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy, ýapon metro assosiasiýasy hem-de “K2” german maslahat beriş topary işe çekildi. Bular metronyň inženerçilik mümkinçilikleri iläp düzdiler – diýip, Petruk belläp geçdi.

Ýöne, metronyň gurluşygy taslamasyna köp wagt zerur bolup durýar. Petrugyň bellemegine görä, metronyň gurluşygyndan käbir bölekleriniň ulanmaga berilmegine çenli azyndan 10 ýyl gerek.

Ukrainanyň “Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Wladimir Petruk Türkmenistan bilen geljekde-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi. Ukrain kompaniýasynyň amatly şäher gurşawyny döretmek üçin özüniň serişdelerini we başarnyklaryny durmuşa ornaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy