TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ugur ýene Aýa tarap

Başynda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Mask duran «SpaceX» kompaniýasy öz astronawtlarynyň bir toparyny Aýa ugradar.

«Bu uçuş biziň Aýa gaýdyp barmagymyzda möhüm ädimleriň biri bolar» diýip, NASA tarapyndan berkidilen jogapkär wekil Keti Lýuders uçuşyň netijesine uly ynam bildirýär.

«SpaceX»-den başga-da Jef bezosyň «Blue Origin» kompaniýasy hem Aýa adam ugratmak baradaky işleri alyp barýar.

«SpaceX» «Orion» älem gämisinde dört astronawty Aý stansiýasyna alyp barar. Şondan soň Maskyň kompaniýasyna degişli başga bir älem gämisi ― «Starship» bilen Aýa sary ýola düşer.

Bu taslama üçin «SpaceX» kompaniýasy 3 milliard amerikan dollary möçberinde serişde sarp etdi.

 

«Türkmenistan» awiakompaniýasy habar berýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle