TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UFC 264: Porýe Makgregory ýeňdi

Şu gün irden Aşgabat wagty bilen 09:00 töwereginde dünýä belli irlandiýaly MMA urşujysy Konor MaKgregor bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasyndaky 3-nji tutluşyk geçirildi.

UFC 264 ady bilen geçirilen tutluşyk ABŞ-nyň Las-Wegas şäherindäki “T-Mobile” meýdançasynda geçirildi. Tutluşykda Dastin Porýe ýeňiş gazandy.

Tutluşygyň birinji döwüniň tamamlanmagyna birnäçe sekunt galanda Konor Makgregor aýagyny döwdi. Şonuň netijesinde, Dastin Porýe tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.

Dastin Porýe çempionlyk derejesi üçin Çarlz Oliwerýe bilen tutluşyga çykmaga hukuk gazandy.

14-nji iýulda doglan güni bolan MakGregor şu wagta çenli 27 duşuşyk geçirdi. Şolarda 19-sy nokaut bilen jemi 22 gezek ýeňiş gazandy. 5 duşuşykda ýeňlişe sezewar bolupdy. 32 ýaşyndaky 34 duşuşyk geçirip, şolaryň 27-sini (13-s nokaut) ýeňiş bilen tamamlady. 6 duşuşykda ýeňlen Porýeniň 1 tutluşygy-da netijesiz goýuldy.

 

Messi ahyry ilkinji arzyly kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle