TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA Super kubogynyň taryhyna ser salsak

Düýn 45-nji UEFA Super kubogy ugryndaky duşuşyk “Bawariýa” we “Sewilýa” toparlaryň bäsleşmeginde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu duşuşykda “Bawariýa” topary ýeňiş gazanyň UEFA Super kubogynyň eýesi boldy.

Geliň, UEFA Super kubogynyň taryhyna ser salyp göreliň. Haýsy topar köp ýeňiş gazanyp haýsy toparyň iň köp bäsleşendigini we beýleki maglumatlary bilmek megerem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.  Biz hem sport söýüjilere UEFA Super kubogynyň taryhy bilen bagly anyk maglumatlary “UEFA”-nyň resmi saýtyna salgylanyp size ýetirmegi makul bildik.

 

Iň köp ýeňiş gazanan toparlar:

  • “Milan” we “Barselona” — 5 gezek.
  • “Real Madrid” we “Liwerpul” — 4 gezek.
  • “Atletiko Madrid” — 3 gezek.
  • “Aýaks”, “Anderleht”, “Bawariýa”, “Ýuwentus” we “Walensiýa” — 2 gezek.

Iň köp gatnaşan toparlar:

  • “Barselona” — 9 gezek.
  • “Milan” we “Real Madrid” — 7 gezek.
  • “Liwerpul” we “Sewilýa” — 6 gezek.
  • “Bawariýa” — 5 gezek.
  • “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted” we “Porto” — 4 gezek.
  • “Aýaks” we “Atletiko Madrid” — 3 gezek.

Iň köp ýeňiş gazanan oýunçylar:

  • Dani Alwes — 4 gezek (“Sewilýa” 2006, “Barselona” 2009, 2011, 2015).
  • Paolo Maldini — 4 gezek (“Milan” 1989, 1990, 1994, 2003)

Iň köp gatnaşan oýunçylar:

  • Dani Alwes — 5 gezek (“Sewilýa” 2006, 2007, “Barselona” 2009, 2011, 2015).
  • Paolo Maldini — 5 gezek (“Milan” 1989, 1990, 1993, 1994, 2003).
  • Karim Benzema — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Dani Karwahal — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Aleksandro Kostakurta — 4 gezek (“Milan”).
  • Roberto Donadoni — 4 gezek (“Milan”).
  • Isko — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Toni Kroos, — 4 gezek (“Bawariýa”, “Real Madrid”).
  • Pedro Rodriges — 4 gezek (“Barselona”, “Çelsi”).
  • Marselo — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Daniele Massaro — 4 gezek (“Milan”).
  • Lionel Messi — 4 gezek (“Barselona”).
  • Luka Modrij — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Serhio Ramos — 4 gezek (“Real Madrid”).
  • Mauro Tassotti — 4 gezek (“Milan”).

Iň köp ýeňiş gazanan tälimçiler:

  • Karlo Ançelotti — 3 gezek (“Milan” 2003, 2007, “Real Madrid” 2014).
  • Hosel Gwardiola — 3 gezek (“Barselona” 2009, 2011, “Bawariýa” 2013).

Iň köp tälimçi we oýunçy bolup ýeňiş gazananlar:

  • Karlo Ançelotti — (1990, 2003, 2007, 2014).
  • Hosel Gwardiola — (1992, 2009, 2011, 2013).
  • Zineddin Zidan — (1996, 2002, 2016, 2017).
  • Diego Simeone — (1999, 2012, 2018).
  • Luis Enrike — (1997, 2015).

Gyzykly maglumatlar:

Iň köp gol salnan final duşuşygy:

  • “Barselona” 5-4 “Sewilýa” (2015).

Iň ýokary hasaplar:

  • “Sewilýa” 3-0 “Barselona” (2006) ​​ “Atletiko Madrid” 4-1 “Çelsi” (2012).

Jerime urgusy:

  • “Baýern” 5-4 “Çelsi” (goşmaça wagtdan soň hasap 2-2), (2013).
  • “Liwerpul” 5-4 “Çelsi” (goşmaça wagtdan soň hasap 2-2), (2019).

Iň tiz salynan gol:

  • 50-nji sekunt Diego Kosta (“Atletiko Madrid” — “Real Madrid” 2018).

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle