TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA: “Real” – iň oňat topar

Ýewropa futbol assosiasiýalary bileleşigi UEFA guramasynyñ döredilen günden başlap, häzirki wagtda çenli iñ gowy ýewropa futbol toparlarynyñ sanawyny düzdi. Bu sanaw 1955-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwri öz içine alyp, toparlaryñ Çempionlar ligasy, ýewropa çempionlaryñ kubogy we saýlama tapgyr oýunlary göz öňüne tutuldy.

     UEFA guramasy 1954-nji ýylyñ 15-nji iýunynda Fransiýa, Italiýa we Belgiýa futbol federasiýalaryñ geçiren maslahatyndan soñra esaslandyryldy. Ilki başda bu gurama 25 sany ýurduñ futbol federasiýalary gatnaşýardylar. Häzirki wagtda bolsa 55 sany ýurduñ futbol federasiýalary bu guramanyñ agzalary bolup durýarlar. Indi bolsa sanaw barada aýdanymyzda onda birinji orny ispaniýanyñ Şa topary, ençeme kuboklaryñ eýesi “Real Madrid” futbol topary eýeledi. Ikinji orunda bolsa germaniýanyñ “Bawariýa” futbol topary ýerleşdi. Üçünji orny ispaniýanyñ “Barselona” futbol topary eýeledi.

 Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 51 gezek Ýewropa çempionlar kubogy hem-de Çempionlar ligasynyň ýaryşlaryna gatnaşyp, 13 gezek kubogyň eýesi boldy. Topar ýaryşlarda 445 duşuşyk geçirip, onuň 265-sinde ýeňiş gazandy, 77 duşuşyk deňme-deň tamamlandy we 103 gezek ýeňildi. Germaniýanyň “Bawariýa” topary  bu ýaryşlarda 37 gezek çykyş edip, 6 gezek kubok (358 duşuşyk, 211 ýeňiş, 73 deňme-deňlik, 74 ýeňliş) gazandy.

“Barselona” topary 31 gezek bu ýaryşlara gatnaşyp, 5 gezek kubogy (325 duşuşuk, 193 ýeňiş, 73 deňme-deňlik, 59 ýeliş) gazandy.

    UEFA guramasynyñ döredilen günden başlap, häzirki wagtda çenli iñ gowy 10 sany  futbol toparlarynyñ sanawy:
1. Real Madrid (Ispaniýa)
2. Bawariýa (Germaniýa)
3. Barselona (Ispaniýa)
4. Mançester Ýunaýted (Angliýa)
5. Ýuwentus (Italiýa)
6. Milan (Italiýa)
7. Liwerpul (Angliýa)
8. Benfika (Portugaliýa)
9. Portu (Portugaliýa)
10. Aýaks (Niderlandiýa)

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle