TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA-nyň Superkubogyny kim gazanar?

Şu gün UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen UEFa-nyň Ýewropa ligaysnyň ýeňijisi Germaniýanyň “Aýntraht” topary UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrunda bäsleşer. Duşuşyk Helsinki şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçiriler we duşuşygyň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen 00:00-dyr.

Madridiň “Realy” bu duşuşyga Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşýar. Bu topar Çempionlar ligasynyň finalynda Angliýanyň “Liwerpul” toparyny 1:0 hasabynda utupdy.

“Aýntraht” bolsa Ýewropa ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşýar. Nemes topary bu ýaryşyň finalynda Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparyny esasy wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgurlary bilen 5:4 hasabynda ýeňipdi.

Bu duşuşykda iňlis emini Maýkl Oliwer eminlik eder. Oňa watandaşlary Stýuart Bert we Saýmon Bennett kömek berer.

Ilkinji gezek bu duşuşykda ýarym awtomatlaşdyrylan ofsaýdy kesgitlemek ulgamyndan peýdalanylar. Şeýle ulgam 2022-nji ýylda Çempionlar ligasynda we Katardaky dünýä çempionatynda ulanylar.

“Real Madrid” topary UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşyga 8-nji gezek gatnaşýar. Bu topar ozal 4 gezek arzyly kubogy almagyň hötdesinden geldi. Germaniýanyň “Aýntraht” topary bolsa, ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşyga gatnaşýar.

“Real Madrid” bilen “Aýntraht” topary 2-nji gezek özara duşuşyk geçirýärler. Bu toparlar ozal 1960-njy ýylyň 18-nji maýynda Ýewropanyň çempionlar kubogynyň finalynda duşuşypdy. Şol duşuşyk 7:3 hasabynda “Realyň” peýdasyna tamamlanypdy.

“Real Madrid” toparynyň düzümine täze goşulan Antonio Rýudigeriň we Orelýen Tçuameniniň bu duşuşykda oýnamagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle