TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA Çempionlar ligasyny we Ýewropa ligasynyň finalyny resmi taýdan yza süýşürdi

Ýewropanyň Futbol Bileleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa ligasynyň final duşuşyklaryny resmi taýdan yza süýşürdi. UEFA-nyň belläp geçmegine görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli maý aýynda meýilleşdirilýän Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň finalyny yza süýşürmek kararyna geldi. Zenanlaryň arasyndaky Çempionlar ligasynyň finaly hem täzeden meýilleşdiriler.

Final duşuşyklary üçin täze seneler yglan edilmedi. Bu babatda iş topary degişli işleri geçirýär.

Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 30-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Atatürk” stadionynda geçirilmegi göz öňünde tutulypdy.

Ýewropa ligasynyň final duşuşygy bolsa 27-nji maýda Polşanyň Gdansk şäherindäki  “Energa Gdansk” stadionynda oýnalmagy meýilleşdirilipdi.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus sebäpli Ýewropanyň milli futbol çempionatlarynda arakesme yglan edilipdi. Şeýle hem şu ýylyň tomsunda geçirilmegi meýilleşdirilen futbol boýunça Ýewropa çempionaty hem 2021-nji ýyla geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle