TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA 2022-niň final duşuşygy Budapeştde geçiriler

Futbol boýunça 2022-nji ýylyň Ýewropa ligasynyň final duşuşygy Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäheriniň «Puskás Aréna» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu oýun stadionyň iň köp tomaşaçyly oýny bolmagyna garaşylýar. «Puskás Aréna» stadiony 2019-njy ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berlip, meýdançada oýny ýokary guramaçylykly geçirmäge ähli mümkinçilikler dörediler. 2022-nji ýylda geçiriljek Ýewropa ligasynyň final duşuşygyna 65 müňden gowrak tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle