TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA 2020-nji ýylyň nusgalyk düzümini yglan etdi

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryndan ybarat nusgalyk düzümi kesgitledi. Düzümde Germaniýanyň «Bawariýa», Ispaniýanyň «Real», «Barselona», Angliýanyň «Liwerpul», «Mançester Siti», Italiýanyň «Ýuwentus», Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparlarynyň wekilleri bar.

UEFA geçen ýylyň iň gowy derwezeçisi hökmünde «Bawariýanyň» derwezeçisi Manuel Noýeri goýdy. Goragçylarda bolsa üç toparyň wekilleri bar. Olaryň ikisi «Bawariýa» wekilçilik edýär. Has takygy, UEFA nusgalyk düzümiň goragynda «Realdan» Serhio Ramosy, «Liwerpuldan» Wirjil wan Deýki ýerleşdiren bolsa, «Bawariýadan» Ýozua Kimmih bilen Alfonso Dewise orun berdi.

Ýarym goragçylaryň ikisi hem iňlis klublaryna wekilçilik edýär. Olar «Liwerpuldan» Týago Alkantara we «Mançester Sitiden» Kewin De Brýuýnedir.

Ýarym goragçylary azaldan UEFA oňa derek nusgalyk düzümde dört hüjümçi ýerleşdirdi. Elbetde, «Ýuwentusyň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we «Barselonanyň» argentinaly ýyldyzy Lionel Messiniň ýeri belli. Sanawda bulara PSŽ-den Neýmar bilen «Bawariýadan» Robert Lewondowski hem goşuldy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Ronaldo Saud Arabystanydan teklip bar

Teswirle