TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew prezident wezipesine girişenden soňra ilkinji daşary ýurt resmi saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy.

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Russiýa bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli jarnama gol çekdiler. 

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy, 24.5 milliard dollara barabar bolandygy bellenildi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitlendi. Bu babatda Wladimir Putin we Kasym-Žomart Tokaýew üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar. Russiýa, Gazagystan we Özbegistanyň arasynda döredilmegi göz öňünde tutulýan bileleşigiň rus gazanyň Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden daşalmagyny utgaşdyrmak maksady bilen dörediljekdigi mälim edildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sektetary Ruslan Želdibaý habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle