TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYKTEHNOLOGIÝA

Uçarmansyz uçarlar üçin ilkinji howa menzili gurlar

Dünýädäki ilkinji uçarmansyz uçarlar üçin howa menzili Beýik Britaniýanyň Kowentri şäheriniň golaýynda gurlar.

Ýurduň hökümeti uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen uçarlara hyzmat etjek merkez babatda maliýe serişdelerini gönükdirer.

– Uçarlar üçin howa menzilleri, otlylar üçin demir ýol menzilleri we awtoulaglar üçin ýollar bar. Ýöne indi öz infrastrukturasyny talap edýän howa gatnawynyň täze bir görnüşi ýüze çykdy. Ýolagçylar gelip, ýer sargyt edip, uçýan taksileriň hyzmatyndan peýdalanmagy üçin mümkinçilik döretmeli. Şonuň üçin bu ulaglara niýetlenen ýörite goldaw infrastrukturasy zerur bolar – diýip. “Urban Air Port” kompaniýasynyň wekilleri belläp geçýär.

Taslamany döredijiler uçarmansyz uçarlaryň elektrik hereketlendirijileri bilen işleýändigini we kömürturşy gazyny öndürmeýändigini nygtaýarlar. Öňümizdäki bäş ýylda dünýäde 200-e golaý şeýle howa menziliniň gurulmagyna we şol wagta çenli uçarmansyz howa gatnawy adaty ýagdaýa öwrüler diýlip garaşylýar.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle