TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Uçarmanlar ýolagçylara hyzmat edýär

Islandiýanyň “Icelandair” awiasiýa kompaniýasy koronawirus ýokanjy sebäpli emele gelen ykdysady kynçylyklary aradan aýyrmak üçin üýtgeşik usuly amala aşyrýarlar. Kompaniýa uçarda ýolagçylara hyzmat edýän uçar beletlerini işden çykaryp, olaryň ýerine ýolagçylara uçarmanlaryň hyzmat etmegini ýola goýdy. Bu düzgüniň 20-nji iýuldan ýola goýmak meýilleşdirildi.

“Business Insider” portalynyň habar bermegine görä, uçarda hyzmatlar iň pes derejede saklanyp galnar. Ýolagçylara nahar hyzmaty berilmeýär. Kompaniýanyň şeýle karar kabul etmegi belli derejede käbir düşünişmezlikleri hem emele getirdi. Birinjiden, uçarmanlaryň ýolagçylara hyzmat etmeginiň kanuny taýdan berkilip-berkidilmändigi näbelli.

Ikinjiden, ýolagçylar üçin uçuş howpsuzlygyny üpjün etmekde uçar beletleriniň işi möhümdir. Munuň üçin olar ýörite okuwlara gatnaşyp, üstünlik gazanyp, şahadatnama alandan soň uçar beledi bolup bilýändigi mälim edilýär. Uçarmanlaryň uçar beletleriniň işini alyp barmagy jemgyýetçilik köpçüliginde nägilelik döretdi.

Uçar beledi bolmak üçin ýörite okuwyň gerekdigi bellenip geçilýär. Meselem, ABŞ-nyň “Delta Airlines” awiakompaniýasynda uçar beledi bolmak üçin ýürege massaž etmek, suwda ýüzmek, uçary 90 sekuntda doly ewakuasiýa etmek ýaly ugurlarda iki aýlyk okuw zerurdyr.

Häzirki çylşyrymly döwürde awiasiýa pudagynda özboluşly kynçylyklar dowam edýär. Şeýle kompaniýalaryň biri “Icelandair” awiasiýa kompaniýasydyr. Kompaniýa 2019-njy ýylyň maý aýynda 419 müň ýolagçy gatnadan bolsa, 2020-nji ýylyň maý aýynda bary-ýogy 3 müň 100 ýolagçy hyzmat etdi.

Ýene-de okaň

“Green Card” 2024: Resminamalary kabul edişlik başlady

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Teswirle