TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Uçarda ýokary tizlikli internet

Silkroadnews” internet neşiriniň habaryna görä, Hytaý ilkinji gezek uçarda ýokary tizlikli hemra internetine eýe bolan uçaryň uçuşy amala aşyryldy.

Hytaýyň Sindao şäherinden uçan uçar Çendi şäheriniň howa menziline gondy. Ol Hytaýda ilkinji gezek ýokary öndürijilikli Ka-band hemrasy bolan «Hytaýyň raýat awiasiýasy» aragatnaşyk ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. 10 müň metr belentlikde internetiň tizligi 100 Mbit/s-a deň boldy.

Uçarda uçuş dowamlylygy göni ýaýlymda alnyp baryldy. Hytaýyň raýat awiasiýasynyň taryhynda ilkinji gezek uçarda ýolagçylara mobil telefonlary arkaly internetden peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Ýolagçylar uçuşyň dowamynda köp sanly gyzykly programmalardan peýdalanyp, wagtyny gowy geçirdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

Teswirle