Şu gün Lebap welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyndan soňra, teleköpri arkaly Çärjewdäki gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy ― Zerger gaz geçirijisiniň işine ak pata berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy beketden teleköpri arkaly döwlet Baştutanymyzdan Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin niýetlenen Üçajy —Zerger gaz geçirijisini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiziň rugsady bilen gaz geçirijiniň işine badalga berildi. Hünärmen açyp-ýapyjyny açmak arkaly tebigy gazy akdyrdy.

Täze gaz geçirijiniň geçen ýylda açylyp ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň iş güýjüni has-da artdyrjakdygyny nygtamak gerek.

Geçen aýda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda öndürilen elektrik energiýasy 104 million 436 müň 460 kilowat sagada barabar boldy. Bu ýerden Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasy eksport edilýär.

Türkmenistandan Hytaýa gaz eksporty üçin möhüm desga açyldy