JEMGYÝET

Üç ýyllyk Döwlet býujeti işläp taýýarlanylar

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, umumydöwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek, býujet işine öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak we býujeti düzmegiň döwrebap usulyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi hem-de toparyň düzümi we Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri meýilnamada bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Ýene-de okaň

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni: ýaşyl tugumyz Dubaý, Nýu-Ýork, Ankara we Abu-Dabiniň gijelerine ýalkym saçdy

Ata Watan Eserleri

Ärdogan: Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüriler

Baýden: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdireris

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Germaniýada saparda bolarlar

Frank-Walter Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy