TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Üç klub UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan çykarylar

Bu barada «Sports Rep» neşiri «La Repubblica» esaslanyp habar berýär. Bu hakyndaky gutarnykly kararyň şu hepde yglan edilmegine garaşylýar.

Hemmesiniň sebäbi hem Superliga. Ýeri gelende aýtsak, Superligany Ýewropadaky 12 sany iň oňat futbol klublary ― «Real», «Barselona», «Atletiko» ( hemmesi ― Ispaniýa), «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted», «Liwerpul», «Çelsi», «Arsenal», «Tottenhem» (hemmesi ― Angliýa), «Ýuwentus», «Inter» we «Milan» (hemmesi ― Italiýa) emele getiripdi. Bu ýaryş Çempionlar ligasynyň ornuny tutmalydy, ýöne UEFA ýaryşyň gatnaşyjylarynyň beýleki ýaryşlardan çykarjakdygyny aýtdy.

Şondan soň Superligadan 9 klub çykyp gitdi. Diňe «Barselona»«Real Madrid» we «Ýuwentus» ondan çykmak islemedi. Şol sebäpli UEFA olary Çempionlar ligasyndan aýyrmak isleýär.

 

Türkmen teleýaýlymynda hytaý serialy görkeziler

 

 

Ýene-de okaň

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

Teswirle