“Üç Altyn Açarlar” Toplumyndan “Bir Toplum”

Üstünlik barada ene dilimizde ýazylan ýüzden gowrak eserleri “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň üsti bilen Siz okyjylarymyza ýetirdik. Ol eserleriň arasynda bir-birinden gymmatly eserler toplumy Size garaşýar. Biz bu ýerde üstünlige ýetmek üçin birnäçe “açarlar toplumyndan”  “bir topluma” Siziň ünsüňiz çekmek isleýäris. Üstünlige ýetmek üçin özüňe ynanmak, anyk maksat, yzygiderli zähmet, işjeň sabyrly bolmak ýaly birnäçe faktorlaryň gerekdigini biz eýýäm bilýäris. Üstünlige ýetmek  üçin beýleki toparlardaky bu faktorlar bilen bir hatarda şu sanalan “3 altyn  açaryň” peýdasynyň bardygyny hem biz öz durmuş tejribämizden bilýäris. Biz bu topluma kitap okamak, pyýada gezelenç etmek we syýahat etmegi goşýarys.

Kitap okamak

Kitap okamak özümizi mydama “täzeläp” durmak üçin iň täsirli ýollaryň biridir. Stresi azaltmak, söz baýlygymyzy artdyrmak, dünýägaraýşymyzy giňeltmek, ýatkeşligimizi we pikirleniş ukybymyzy  ösdürmek, täzeliklerden habardar bolmak, özümize bolan ynamymyzy artdyrmak, ünsüňi belli bir maksada jemlemek we uky hilimizi gowulaşdyrmak ýaly kitap okamagyň peýdalaryny sanap bileris. Geliň indi täjirçilik ulgamynda üstünlik gazanmakda kitap okamagyň pozitiw täsiri barada agzap geçeliň!

Bill Gates -Siziň maslahatçyňyz!

Mysal üçin täjirçilik ulgamynda üstünlik gazanmak islesek, ilkinji nobatda täjirçilige degişli kitaplary okamak maslahat berilýär. Bu ýerde haýsyda bolsa bir kompaniýanyň hem-de işewüriň tejribelerini okamak şol dünýä belli işewüri (Mysal üçin Bill Gates, Stewe Jobs, Warren Buffet we şm) göýä özümize maslahatçy tutan ýalydyr! Warren Buffet ýa-da Jack Ma-nyň aýdan “paýhasly setirini”  Instagramda we IMO-da okamak hem aňsat we peýdaly bolup biler, emma, şol “paýhasly sözüň” haýsy şertlerde aýdylanyny, şol sözüň “eýesiniň” üstünliklerini we şowsuzlyklaryny giňişleýin okamak bize üstünlige ýetmek üçin örän wajypdyr. Heýde  3 setir “paýhasly setiri” okamak bilen  şol setirleri dile getirýän ýagdaýlary açyp görkezýän ýüzlerçe sahypany okamak deň bolup bilermi!?

Okap bilersiňiz  Türkmen Lideriniň kitabyna Türkiýede uly gyzyklanma

Biz kitap okamagyň peýdasyny täjirçilik nukdaýnazaryndan beýan etmäge dowam edeýliň! Täjirçilik ulgamynda motiwasiýa berýän kitaplary okamak bilen bir hatarda, işi gurnamak we maliýe ulgamyndaky kitaplary okamak hem örän peýdalydyr.  Şonuň bilen birlikde öz amala aşyrýan işimiz barada maglumat beriji kitaplary okamak hem üstünligiň esasy şertleriniň biri hasaplap bileris. Täjirçilik ulgamynda arassa girdejimiziň 1 göterimi peýdaly kitaplar  üçin sarp etsek, indiki ýylda girdejimiziň 10 göterim artjakdygyny aýdyp bileris! Gyzykly ýeri biz okaýan  kitabymyz üçin näçe serişde sarp etsek, girdejimiz  hem yzygiderli artmaga dowam eder!

Mysal üçin elektron söwda barada iş amala aşyrýan bolsak, Amazon, Alibaba ýaly dünýä belli bu ulgamda iş alyp barýan kompaniýalaryň durmuş ýoly barada kitaplary okamak bilen bir hatarda, elektron söwdanyň nähili derejede amala aşyrylýandygy baradaky kitaplary okamak we ol ulgamda dünýäde bolup geçýän özgerişlerden yzygiderli habardar bolup durmak wajypdyr. Şonyň ýaly bu söwda görnüşiniň hukuk we maliýe esaslaryny we işi gurnamak baradaky kitaplary hem okamak hökmandyr. Taryh, strategiýa, halkara gatnaşyklar ýaly ulgamlardan hem habardar bolmak we şol ulgamdaky kitaplary okamak bilen bir hatarda, edebiýata degişli kitaplary okamak biziň ruhy dünýämizi baýlaşdyrar.

Kitap okamak barada ýene birnäçe bellikler aýdyp bolar, emma, “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň indiki tapgyrynyň mowzugy “kitap okamak barada” boljakdygyny hasaba alyp “3 altyn açaryň” biri bolan “kitap okamak” baradaky setirlerimizi jemleýäris. Sözümiziň ahyrynda “Makul hyzmat” terjime merkeziniň kitap tekjesinde ýerleşdirilen 500-den gowrak kitapdan mugt peýdalanyp biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris!