TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

<> robot öndürildi

Özi hem ol islendik kysymdaky uçary dolandyryp bilýär. «Uçarman» roboty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «DZYNE Technologies» kompaniýasy işläp taýýarlady.

Ol «ROBOpilot» diýlip atlandyrylýar. Täze roboty uçarmanyň ornunda oturtmak ýeterlik, uçary dolandyrmak bilen bagly galan amallary onuň özi üstünlikli ýerine ýetirýär. Robot öz we uçaryň kompýuter ulgamyndaky sazlaşygy örän gysga wagtda ýola goýup, hiç bir kömekçisiz uçary dolandyryp we gerekli howa menzilinde gonduryp bilýär.

«ROBOpilot» ýakynda ABŞ-nyň raýat awiasiýasy tarapyndan synagdan geçirildi. Aradan birnäçe hepde geçen soň alnan ikinji synagda bolsa robot kiçijik ýalňyşlyk goýberdi. Emma hünärmenler bu ýalňyşlygyň ýene-de robotyň özi tarapyndan düzedilendigini aýdýarlar.

«Uçarman» robotyň anyk bahasy heniz belli däl.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle