DÜNÝÄ

Täze ýylyň täsin myhmany

Gözi ýaşly on ýaşyna giren  Indiýa atly gyzjagazyň “Eje, men Täze ýyl arçasynyň jäjeginden gorkdym” diýen sözlerini eşiden Keýt Nýuman, geň galyjylyk bilen öýündäki Täze ýyl arçasynyň jäjeklerini barlaýar we täsin wakanyň şaýady bolýar.

Haçan-da, ol gyzyny köşeşdirmek üçin arçany gözden geçirmäge gideninde, ilki hemme zat adaty ýaly görünýär we birden ýelekli myhman kellesini öwrüp, ullakan gözleri bilen oňa bakýar. Şol pursat Keýtiň bedeni tikenekläp, bir salym öz gözlerine ynanman, şol jandara seredýär.

Keýt baýguşlary gowy görýändigi üçin arçany baýguşyň dürli görnüşli şekilleri bilen bezeýär. Ol bezelen arçanyň iň depesinde kiçijik baýguşyň özüne oňaýly  jaý edinip, rahat oturandygyny görüp, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýär.

Nýumanyň maşgalasy baýguşyň daşaryk çykmagy üçin gije öýüniň gapylaryny we aýnalaryny açyk goýýarlar. Ýöne gündogar baýguşy Atlantada ýaşaýan bu maşgala bilen Täze ýyly garşylamak isleýändigi üçin öýden gitmändir. Bu ýagdaý maşgala agzalaryna ýabany haýwanlar bilen işleşýan edaranyň hünärmenlerini çagyrmagyna getirýär. Olar baýguşy arçadan alyp, kapasa goýýarlar. Hünärmenler Nýumanlaryň bu kiçijik myhmanyny garaňky ýerde saklap, kapasanyň gapysyny açyp goýmagy maslahat berýärler. Şeýlelikde baýguş kapasadan çykyp, erkinlige ädim ädýär. Ýöne, Keýt käwagtlar gijelerine baýguşyň sesiniň häli şindi eşildilýändigini belleýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi