JEMGYÝET

Täze ýylyň ilkinji bäbegi

Ýurdumyzda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atasyna Türkmenistanyň Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Täze ýylyň ilkinji bäbegi paýtagtymyz Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde 2020-nji ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi.

Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram, boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy.

Çaganyň bagtyýar ene-atalary – Annaýewleriň maşgalasy çagany we eneligi goldamak boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda açyldy. Bu iri lukmançylyk edarasy ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny özünde jemleýär.

Ýene-de okaň

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasyna daşary ýurtdan talyp kabul synagy 60 ýurtda geçiriler

Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna çagyrdy