Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Mask satyn alan “Twitter” jemgyýetçilik toruna ýolbaşçy hökmünde Linda Ýakkarinony belledi.
Geçen ýyl 44 milliard dollara “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn alan Mask täze ýolbaşçynyň ýene-de 6 hepdeden wezipesine girişjekdigini belledi.
Linda Ýakkarino Amerikanyň metbugat işgäri. Teleýaýlym pudagyndaky işleri bilen tanalýan Ýakkarino metbugat we mahabat strategiýalary boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň biridir. Ýakkarino, şeýle hem Bütindünýä ykdysady forumynda (WEF) Iş toparynyň geljeginiň başlygy bolup işleýär.
Ilon Mask özüniň beýleki işlerina has köp üns bermek maksady bilen “Twitter” jemgyýetçilik toruna başga ýolbaşçy bellemek kararyna geldi.
Ilan Mask “Tesla” elektrikli ulaglary öndürýän kompaniýanyň hem-de “Space X” kompaniýasynyň esaslandyryjysydyr.