“Twitter” jemgyýetçilik torunyň meşhur akkuntlary

Soňky ýyllarda meşhur platformalaryň biri bolan “Twitter” jemgyýetçilik toruny işjeň ulanyjylaryň sany 67 million adama ýetdi. Ýylsaýyn bolsa bu platformanyň ulanyjy sany barha artýar. Platformadaky iň köp yzarlaýan hasaplar, iň köp işjeň hasaplar hökmünde tanalýar. Mundan ozal biz saýtymyzda “Instagram” platformasynda iň meşhur 10 sany akkauntlary bilen tanyşdyrypdyk. Ol ýerde meşhurlaryň arasynda birinji orny Ronaldo eýeläpdi.

Indi bolsa okyjylarymyzy “Twitter” platformasynda yzarlaýjy sany köp bolan 10 sany akkauntlary bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

  1. Barak Obama – 129,6 million yzarlaýjysy bar
  2. Jastin Biber – 113,9 million yzarlaýjy
  3. Keti Perri – 109,4 million yzarlaýjy
  4. Rianna – 102 million yzarlaýjy
  5. Ronaldo – 91,2 million yzarlaýjy
  6. Teýlor Swift – 88,4 million yzarlaýjy
  7. Leýdi Gaga – 83,9 million yzarlaýjy
  8. Ariana Grand – 82,1 million yzarlaýjy
  9. Ellen DeJeners – 79,2 million yzarlaýjy
  10. “YouTube” – 72,9 million yzarlaýjy
Okap bilersiňiz  Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.